Konstitusiýa — bagtyýar durmuşa hukuk

15 Maý 2024
356

Kanunlar umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän, adamzat siwilizasiýasynyň döreden iň ýokary syýasy, taryhy, medeni gazananlarynyň biridir. Ýaşaýşyň, syýasy-ykdysady hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygyny, düzgün-tertibini resmi taýdan üpjün edýän hukuk esaslarynyň kemala gelmegi bilen, dünýä jemgyýetçiligi medeni-aňyýet taýdan çalt depginde ösüp başlapdyr. Ylym, tehnika we tehnologiýa babatdaky täzeleniş döwrüne, ýagny soňky asyrlara ýetilýänçä, jemgyýetleriň, dünýä gatnaşyklarynyň hukuk esaslarynda hem düýpli özgertmeler bolupdyr.

Mälim bolşy ýaly, syýasy, harby, medeni gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, ösüşleri umumadamzat bähbitleri esasynda ýola goýmakda Ikinji jahan urşundan soňky döwürde dörän halkara hukugyň berkidilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döwletara, halkara gatnaşyklarda deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmeler üçin kabul ederlikli şertlerini döretmäge gönükdirilen kanunçylyk-hukuk esaslaryna aýratyn üns berilmegi XX asyryň ylmy-tehnologik ösüşiniň has çaltlaşmagyna uly täsir etdi. Parahatçylykly ýaşaýşy we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň mümkindigine bolan ynam halkara jemgyýetçilik pikirinde has berkedi. Muňa garamazdan, üçünji müňýyllygyň başynda dünýä ýagdaýlarynda bolup geçýän, halkara hukugyň esasy ýörelgelerine oňaýsyz täsir edýän ýüze çykmalar sebäpli, özara gatnaşyklary umumadamzat bähbitlerine gönükdirip, asuda durmuşy üpjün etmekde täze çemeleşmeleriň zerurdygy, bu ugurda talabyň artýandygy şu günüň hakykaty hökmünde orta çykýar. Onýyllyklaryň dowamynda yzygiderli kämilleşdirilip, halkara gatnaşyklaryň mizemez hukuk esaslaryna öwrülen, umumy ykrar edilen ylalaşyklary, resminamalary we düzgünleri pugta berjaý etmek, dünýä giňişliginde deňagramlylygy saklamak meseleleriniň çözgüdini tapmak babatdaky tagallalaryň zerurdygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda döwletiň, jemgyýetiň kanunçylyk-hukuk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda konstitusion özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Kabul edilýän kanunlaryň, halkara hukugyň esasy düzgünleriniň berjaý edilmegi babatda döwlet derejesinde giňişleýin guramaçylyk, syýasy-jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyrylýar.

Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.