Muzeýde geçen maslahat

14 Maý 2024
297

«Gökdepe» Milli muzeýinde «Magtymguly Pyragy we milli miras» ady bilen maslahat geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan maslahata mugallymlardyr ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

Muzeýiň çeperçilik-dikeldiş we medeni aň-bilim bölümi tarapyndan guralan maslahatda gadymy türkmen topragynyň taryhy ýadygärlikleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygy, bu gün ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli baýlyklary goramak, olara aýawly çemeleşmek, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň goýup giden çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan gymmatly edebi mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň her birimizi buýsandyrýandygy barada gürrüň edildi. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti, häzirki döwrümizde şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň dünýä halklarynyň dürli dillerine terjime edilýändigi, onuň döredijiliginiň içgin öwrenilýändigi dogrusynda aýdylanlar has-da üns çekiji we täsirli boldy.

Tawus AMANMYRADOWA,
«Gökdepe» Milli muzeýiniň bölüm müdiri.