Il saglygy — ýurt baýlygy

13 Maý 2024
366

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti  bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli etrabyň sport mekdebinde  geçirilen çärä edara-kärhanalaryň işgärleri, harby gullukçylar,  ýaşlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde ýurdumyzyň ösüşleri we hormatly Prezidentimiziň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleri baradaky söhbetlere giň orun berildi. Ynsan saglygyny gorap saklamak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak boýunça öňde durýan wezipeler dogrusynda durmuş hakykatlaryna salgylanyp gürrüň edildi. Ýaşlaryň edep-ekramly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri, ylym-bilim alyp, sport bilen meşgullanmaklary ündeldi. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyldy.

Amanmämmet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.