Möwsüme taýýarlykly barylýar

13 Maý 2024
420

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we etrap birleşmeleriniň degişli hünärmenleri häli-şindi edara-kärhanalarda bolup,  zähmet toparlarynyň arasynda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Galla oragynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, häzirki wagtda etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlarynyň arasynda şeýle mazmunly çäreler guralýar.

Oba hojalygyndaky möwsümleýin işlerde tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmek möhümdir. Degişli kada-düzgünleri bilmek we dogry berjaý etmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň wekilleri mehanizatorlar bilen geçirýän düşündiriş işleriniň barşynda möwsümde tehniki howpsuzlygyň düzgünlerine berk eýermek boýunça gymmatly maslahatlaryny aýdýarlar. Munuň özi möwsümi guramaçylykly alyp barmaga, hasyly ýitgisiz ýygnamaga itergi bolar.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.