Okuw amaly maslahat işjeňlige eýe boldy

13 Maý 2024
313

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň arasynda okuw amaly maslahat geçirildi. «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri, internet torunyň ösdürilmegi hem-de peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen okuw amaly maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Ahal welaýat Geňeşi, şeýle-de Ahal welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady.

Okuw maslahatda ýurdumyzda ýaş nesillere döredilýän mümkinçilikler, sanly ulgamyň ösüşi, dünýä boýunça ýaşlaryň sanly ulgamdan ezberlik bilen baş çykaryşy hakynda giňişleýin durlup geçildi. Onuň dowamynda wideoşekilli maglumatlaryň görkezilmegi bu çäräniň täsirliligine we netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.