Ynsan mertebesini belentde saklamak, Watan, il-ýurt üçin şirin janlaryny gurban eden gerçekleri hatyralamak halkymyzyň iň ajaýyp dessurlarynyň biridir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, mertligiň, edermenligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlary şeýle uly hormata mynasypdyr.
Ýurdumyzyň her bir raýaty üçin Watan goragy mukaddesdir. Biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda öz janlaryny gurban edip, asuda we parahat durmuşy saklap galdylar, 1418 gije-gündize çeken söweşiň sahypasyna şöhratly atlaryny ýazdylar. Olaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň şöhratly durmuş ýoly ýaş nesiller üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we gahrymançylygyň aýdyň nusgasydyr.