Milli plastik önümleriň görnüşleri artýar

13 Maý 2024
657

Plastik önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen «Lälezar zaman» hususy kärhanasynyň önümçilik toplumy Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşip, indi 12 ýyl bäri halkymyza hyzmat edýär. Bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp, işçi-hünärmenleriň 100-den gowragy sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda yhlas hem-de tutanýerlilik bilen zähmet çekýärler.

Importyň ornuny tutýan «Lz plastik» haryt nyşanly önümleri bilen adygan hususy kärhana asma petikleriň 600-den gowrak görnüşini, asma petikler üçin plintuslaryň 5 görnüşini we olaryň ugurdaş serişdelerini, 2 we 3 zolakly karnizleri, plastik kabel kanallarynyň 7 görnüşini, oboý we kafel burçlarynyň 6 görnüşini we beýleki plastik harytlaryny taýýarlaýar. Şeýle hem kärhana azyk önümlerini gaplamaga niýetlenen dürli ölçegli, dürli reňkli plastik önümleriň 30-dan gowrak görnüşini öndürýär. Şolaryň hatarynda azyk önümlerini saklamak üçin gaplar, bir gezeklik ulanylýan gap-gaçlaryň birnäçe görnüşi, bulgurlar, gapaklar we beýlekiler bar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».