Bäsleşigiň welaýat tapgyry

13 Maý 2024
306

Ýakynda Daşoguz şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde TZB-niň Merkezi Geňeşiniň, TKA-nyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady okuwçy gyzlarda zähmetsӧýerligi, gyz edebini, ahlak gӧzelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekden, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmak ýaly, asylly häsiýetleri kemala getirmekden ybaratdyr. Diýseň çekeleşikli geçen bäsleşige welaýatymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň jemi 24-si gatnaşdy. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda Boldumsaz etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülçeper Dädemyradowa, Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Maýsa Bäşimowa, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kümüş Garahanowa baýrakly orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Laçyn AMANTAGANOWA,
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.