Döwletliligiň mukaddes ýörelgeleri

10 Maý 2024
357

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşamak bagtyna eýe boldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen Döwlet baýdagymyz bolsa bu ösüşleriň, özgerişlikleriň kanunçylyk esasy hem-de ýörelgeleýin binýady bolup durýar. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek üçin kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek işlerini wajyp meseleleriň hatarynda goýdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köp asyrlyk tejribesine esaslanýan halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerini özünde jemleýär. Konstitusiýa ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär.

Ezizmuhammet BAÝRAMMYRADOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.