Sport

10 Maý 2024
446

WOLEÝBOLÇYLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany artyp, olar dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Türgenlerimiziň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna sport mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sportuň woleýbol görnüşi ýaşlaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolup, woleýbolçylarymyz uly üstünlikleri gazanýarlar.