Iki ýaryşda-da italýan klublary çempion boldy

10 Maý 2024
427

Wo­leý­bol bo­ýun­ça Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ýa­ryş­la­ry­nyň iki­sin­de-de, ýag­ny er­kek­le­riň hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ital­ýan klub­la­ry çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Iki ýa­ry­şyň hem fi­nal du­şu­şyk­la­ry Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şä­he­rin­de ge­çi­ril­di.

Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da Ita­li­ýa­nyň «Itas Tren­ti­no» to­pa­ry bi­len Pol­şa­nyň «Ýast­şembs­kiý Wen­gel» to­pa­ry du­şuş­dy. Ital­ýan klu­by 3:0 (25:20, 25:22, 25:21) ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, 13 ýyl­dan soň 4-nji ge­zek çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di. Tren­to şä­he­ri­niň we­ki­li mun­dan öň 2009-njy, 2010-njy we 2011-nji ýyl­lar­da yz­ly-yzy­na 3 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Pol­şa­nyň «Ýast­şembs­kiý Wen­gel» to­pa­ry bol­sa bas­syr 2-nji sa­par fi­nal­da ýe­ňil­di.