PSW-niň 25-nji, «Spor­tin­giň» 20-nji çem­pi­on­ly­gy

10 Maý 2024
672

Ni­der­land­la­ryň hem-de Por­tu­ga­li­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ryn­da möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­lar bel­li bol­dy.

Ni­der­land­la­ryň çem­pio­na­ty «Ere­divisie»-de çem­pi­on bel­li bo­lup, Eýnd­ho­wen şä­he­ri­niň PSW to­pa­ry wag­tyn­dan öň çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. PSW 32-nji tap­gyr­da öz meý­dan­ça­syn­da Rot­ter­da­myň «Spar­ta» to­pa­ry­ny 4-2 ha­sa­byn­da ýe­ňip, möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 tap­gyr ga­lan­da, 2-nji ýer­dä­ki «Fe­ýe­noord» bi­len 9 utuk ara­ta­pa­wu­dy sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Şun­luk­da, PSW to­pa­ry 6 ýyl­dan soň çem­pi­on bo­lup, bu ola­ryň 25-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Soň­ky ge­zek 2018-nji ýyl­da çem­pi­on bo­lan PSW bu ugur­da 36 sa­par çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Aýaks­dan» soň 2-nji ýer­de bar­ýar. Ge­çen möw­sü­miň çem­pio­ny, 3-nji bas­gan­çak­da­ky «Fe­ýe­no­or­dyň» 16 çem­pi­on­ly­gy bar.