«Re­al Mad­rid» 36-njy ge­zek «La Li­ga­nyň» çem­pio­ny

10 Maý 2024
381

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» çem­pi­on 34-nji tap­gyr­da bel­li bo­lup, «Re­al Mad­rid» 36-njy çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da «Ka­diz» to­pa­ry­ny Braim Dia­ziň 51-nji, Bel­lin­ga­myň 68-nji hem-de Ho­se­lu­nyň 90+3-nji mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bu du­şu­şy­gyň yzy­sü­re ge­çi­ri­len «Ži­ro­na» — «Bar­se­lo­na» du­şu­şy­gyn­da-da ýer eýe­le­ri­niň ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­dan soň «Re­al Mad­rid» çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Şun­luk­da, «Re­al Mad­rid» 36-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp, 27 çem­pi­on­ly­gy bo­lan «Bar­se­lo­na­dan» ep-es­li öň­de bar­ýar. To­pa­ryň tä­lim­çi­si An­çe­lot­ti «Re­al­da­ky» 12-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 28-nji ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. «Re­al Mad­rid» Ýew­ro­pa­nyň TOP 5 çem­pio­na­tyn­da iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan 2 to­pa­ryň bi­ri bo­lup, ol bu ugur­da re­kor­dy «Ýu­wen­tus» bi­len paý­laş­ýar.

«Bar­se­lo­na­ny» ýe­ne-de 4–2 hasabynda ýeň­di we il­kin­ji ge­zek Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na gat­na­şar