Taekwondonyň ýaş ussady

9 Maý 2024
428

Taekwondo ITF boýunça tutluşyk meýdançasynda 5 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli çykyş edip gelýän ýaşajyk türgenlerimiziň biri Ysmaýyl Taýlyýewdir. Ol Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 4-nji synpynda okaýar. Okuwdan boş wagtlary sport mekdebine, türgenleşik zallaryna yzygiderli gatnap, öz taýýarlygyny ýokary depginde alyp barýar. Ýaňy 10 ýaşyny doldurandygyna garamazdan, Ysmaýyl eýýäm ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlarda birnäçe gezek çempion bolmagy başardy. Has dogrusy, ol 2022-nji ýylyň iýul aýynda Taekwondo ITF boýunça Aşgabat şäheriniň çempionatynda 30 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, I orny eýeledi. Şeýle-de şol ýylyň noýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem I orny gazandy. Bu Ysmaýyl jigimiziň şahsy tutluşyklardaky ilkinji üstünlikleridir.

2023-nji ýylyň maý aýyndan Ysmaýyl eýýäm ýurdumyzyň adyndan halkara ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Ol Estoniýa döwletiniň Tallin şäherinde Taekwondo ITF boýunça geçirilen halkara ýaryşynda 30 kilogram agram derejesinde çykyş edip, şahsy tutluşykda I orny, 8-9 ýaşly çagalaryň arasynda şahsy tulda II orny gazanmagyň hötdesinden geldi. Mundan başga-da, ol şol ýylda ýurdumyzda Taekwondo ITF boýunça geçirilen birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary gazandy.

«Güneş».