Okuwçy gyzlar woleýbolda ýaryşdy

9 Maý 2024
578

Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okuwçy gyzlaryň arasynda woleýbol ýaryşy geçirildi. “Biz Oguzhan nesli” atly ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady.

Etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlaryň arasynda geçirilen ýaryş ýaşlara ukyp-başarnygyny görkezmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Çekeleşikli duşuşyklary bilen uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşda etrapdaky 25-nji orta mekdebiň topary birinji, 19-njy orta mekdebiň topary ikinji, 2-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Gülälek ORANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.