Uzak ýaş — ömre dowam

8 Maý 2024
818

Bu hakykat tüýs Sarygül enä aýdylaýan ýaly bolup dur. Çünki oňa ömrüni bir asyrdan aňry uzaltmak başardypdyr. Doglan senesinden, ýagny 1908-nji ýylyň ýanwar aýyndan hasaplasaň, Sarygül enäniň ýaşy 115-den geçýär. Döwletli ojagyň törüni bezän ene daş-töweregine üýşen agtyk-çowluklaryny sesinden tanap otyr. Şol günem saý-sebäp bilen gelmedik agtyk-çowluklarynyň birki sanysynyň adyny tutup: «Seslerini eşidemok welin, janlary bir sagmyka? Näme üçin gelmeýärler?» diýip sorady. Agtyk gelni Gülruh: «Ene, olar ertir geljekler» diýensoň, ene köşeşdi.

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlanda, çülpe çaganyň ejesi, döwletli maşgalanyň bikesidi. Ýanýoldaşy Watan goragyna gidensoň, çagalaryň keşigi onuň boýnuna galypdy. Şol döwrüň güzaply, kynçylykly günlerini ýatlanda, Sarygül enäniň gasyn basan gözlerinde ýaş göründi.

Jumagül HOJAÝEWA,
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.