Kämilligiň ýolunda

8 Maý 2024
409

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdynlyk ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen çäreler welaýatymyzda ussat türgenleriň sanynyň-da gün-günden artmagyna getirýär. Bu hakykata Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde dzýudo boýunça welaýatyň çempionlygyny gazanmak ugrunda geçirilen ýaryşlarda ýene bir gezek göz ýetirdik. Ýaş pälwanlaryň 200-e golaýyny bir ýere jemlän bu sport ýaryşynda Halaç etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Annamyrat Derýakulyýew iň ýokary netijeleriň birini görkezmegi başardy. Ol 100 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, nobatdaky gezek welaýatymyzyň çempiony boldy.

Kiçilikden pälwan bolmagy ýüregine beslän Annamyrat ýaňy mekdep ýaşyna ýetende, Halaç etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde türgenleşige başlaýar. Ýaş türgen emel-tilsimleri özleşdirişi, jogapkärçiligi we urgulara erk edişi bilen şol sport mekdebiniň tälimçisi, sport ussatlygyna dalaşgär Gündogdy Allaýewiň bada-bat ünsüni özüne çekýär. Ol okuw-türgenleşik sapaklaryny özleşdirişi bilen halypalaryň ynamyny tiz ödäp, 8-9 ýaşlaryndan ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Bu bolsa Annamyrada öz başarnygy bilen ýeňişli ýollary külterlemäge giň mümkinçilik açýar.

Merjen JORAÝEWA.