Dünýä çempionatyndan üstünlik bilen

4 Maý 2024
408

Türkmenistanly körpe küştçüler ýakynda Albaniýanyň Durres şäherinde 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Hususan-da, Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň 9 ýaşly türgeni Aýýa Baýramowa 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda küşdüň blis görnüşi boýunça bürünç medala mynasyp bolmagy başardy.

Dünýä çempionatyna 43 ýurtdan körpe küştçüleriň 375-siniň gatnaşandygyny aýtsak, türkmen küştçüleriniň baýrakly we öňdäki orunlary eýelemek üçin köp sanly çylşyrymly duşuşyklary geçirmeli bolandygy düşnüklidir.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».