Uçar ganatly buýsanjymyz

28 Aprel 2024
546

26-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi.

Ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Milli atly sport merkezine, Türkmenistanyň milli atly sport federasiýasyna degişli jemi 11 sany saýlama bedew gatnaşdyryldy. Ýeri gelende, atly sportuň konkur görnüşi dünýäde barha meşhurlyk gazanýan we köpleriň söýgüli sport görnüşidigini ýatladýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda sportuň bu görnüşi ýurdumyzda has-da uly ösüşlere eýe bolýar. Bäsleşikde üç tapgyrda ýaryşdylar. 1 metr 10 santimetr belentlikdäki päsgelçilikden jerimesiz, az jerimeli we gysga wagtda geçip, bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazananlar Seýitymam Seýidowyň erk eden Atbasary, Yhlas Çopanowyň erk eden Altynhany, Ýazgeldi Garajaýewiň Toýçusy, Möwlam Baýramdurdyýewiň Alamaty, Annadurdy Hallyýewiň Hanaýy, Mergen Gurbanlyýewiň Gudraty we Merdan Pirmyradowyň Terbaşy dagy başardylar.

(Ýörite habarçymyz).