Türkmenistan «Otdyh — 2024» sergisinde syýahatçylyk önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrar

14 Aprel 2024
645

Türk­me­nis­tan 2024-nji ýy­lyň 18 — 20-nji ap­re­li ara­ly­gyn­da Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Minsk şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek «Ot­dyh — 2024» sy­ýa­hat­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň 26-njy hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­na gat­na­şar.

Türk­me­nis­ta­nyň bu hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­na gat­naş­ma­gy ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga, tä­ze sy­ýa­hat ugur­la­ry ma­ha­bat­lan­dyr­ma­ga hem-de tä­ze işe­wür gat­na­şyk­la­ry açmaga ýol açar.

Mähriban ANNAGELDIÝEWA, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.