«Turkish Airlines»: Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibi

13 Aprel 2024
569

Türkiýäniň meşhur awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibini hödürlemäge şatdyr. Ýolagçylar hepdede 11 gatnawdan peýdalanyp bilerler, bu bolsa syýahatlar meýilleşdirilende has amatlylygy üpjün edýär.

Uçuşlaryň ýygylygynyň artdyrylmagy bu gatnawa bolan islegiň ýokary bolmagy bilen baglanyşykldyry. «Turkish Airlines» ýolagçylaryna iň ýokary derejede hyzmat we rahatlyk, şeýle hem elýeterli bahalardan uçuşlaryň dürli görnüşlerini hödürlemegi maksat edinýär.