Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi 2024 — 2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde we 11-nji maýynda sagat 10:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

10 Aprel 2024
671

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän «Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmelerine laýyklykda, Mugallymçylyk mekdebinde taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen ähli şertler barada giňişleýin maglumatlar berler.

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Görogly köçesiniň 124-nji jaýy.