Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby bölümleriň esgerlerini, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde we 3-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

10 Aprel 2024
499

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze ýöriteleşdirilen okuw otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen «Açyk gapylar» gününde bagtyýar ýaşlarymyz tanşyp bilerler.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy.