«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
XVIII asyrda ýaşap geçen beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy dünýäniň ähli künjeginde tanalýan şahyrlaryň biridir. Ol Gündogar edebiýatynyň iň görnükli wekilleri bolan Sady, Firdöwsi, Jelaleddin Rumy, Hafyz ýaly ägirtleriň, dünýä akyldarlarynyň hatarynda uly mertebe bilen ady tutulýan şahyrdyr.