Üns beriň, bäsleşik!

21 Mart 2024
650

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky ajaýyp başlangyçlaryndan ugur alyp, «Adalat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bilelikde guramagynda «Ýurt abadan — il bagtyýar» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Bäsleşigiň maksady «Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmekden, raýatlaryň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, olaryň ýangyn howpuna garşy raýatlyk borçlaryna bolan düşünjesini döredijilik ukyplylygyny artdyrmakdan, emläk eýeçilige aýawly garamaklaryny hem-de ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanyş ýagdaýlaryny öwretmekden, ýangyn-tehniki bilimlerini, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.