Türkmen oba hojalyk instituty 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 30-njy martynda, 13-nji aprelinde we 11-nji maýynda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

20 Mart 2024
560

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler.

Türkmen oba hojalyk instituty baradaky maglumatlar bilen www.tohi.edu.tm web saýtynda hem tanşyp bilersiňiz.