Bahar dynç alyşlaryňyzy Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «DEŇIZ» myhmanhanasynda geçiriň

19 Mart 2024
430

Ýaz pasly bu dynç almak we syýahat etmek üçin ajaýyp döwürdir. Eger-de dynç alyşyňyzy gowy geçirmek işleseňiz, onda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň merkezinde ýerleşýän «DEŇIZ» myhmanhanasyna geliň. Bu, Hazar deňziniň çägeli kenarlarynyň, ýaşyl seýilgähleriniň we häzirki zaman infrastrukturasynyň gözelliklerinden lezzet alyp boljak ajaýyp ýerdir.

«DEŇIZ» myhmanhanasy, deňze bakyp duran panoramaly penjireleri bolan giň otaglary hödürleýär. Siz bu ýerde özüňizi öýüňizde ýaly duýmak bilen, aladalaryňyzy ýatdan çykaryp, rahatly dynç alyp bilersiňiz. Myhmanhananyň otaglarynda siziň rahatlygyňyz üçin ähli zerur şertler döredilen: ýokary tizlikli Wi-Fi, hemra teleýaýlymy, kondisioner, seýf we kiçi sowadyjy. Müşderileriň haýyşlary boýunça 5 kg çenli öý haýwanlaryny getirmäge hem rugsat edilýär.