Türkmen türgenleriniň halkara üstünligi

15 Mart 2024
292

Türkmenistanly paralimpiýaçy türgenler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde tamamlanan para-pauerlifting boýunça dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda medallaryň altysyny gazandylar.

Para-pauerlifting daýanç-hereket ediş agzalarynda mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar. Türgen maşklary ýerine ýetiren wagtynda, bedeniniň ýokarky böleginiň güýjüni görkezýär. Sportuň bu görnüşi boýunça BAE-däki dünýä ýaryşyna 32 ýurtdan mümkinçiligi çäkli türgenleriň 173-si gatnaşdy. Türgenlerimiziň üstünlikli çykyşlary guwandyryjy bolup, olar 2 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar.

(Ýörite habarçymyz).