Yhlas — üstünligiň ýarany

11 Mart 2024
462

Yhlasyň ýerine düşende şeýle bolýan eken. Maksadyňa erjel bolup, müşgillikden eýmenmeseň, gazananyň üstünlik, aljagyň alkyş bolýandygy durmuşda göre-göre gelinýär. Munuň şeýledigine ajaýyp döwrümizde özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan ýaşlaryň dürli ugurlarda kämilligiň basgançaklary bilen barha belende galyp, gazanýan üstünlikleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek mümkin.

Boldumsaz etrabyndaky 66-njy orta mekdebiň okuwçysy Daýanç Durdynepesow hem şeýle ýaşlaryň biri. Ol 5-nji synpdan bäri sportuň boks görnüşi bilen türgenleşip gelýär.

Gurban GURBANOW,
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň öz habarçysy.