«7/24. tm» № 10 (197), 04.03.2024
Bahar paslynyň gelmegi bilen tutuş tebigat gözel görke gelýär. Türkmen zenanlary bolsa şol gözellige has-da bezeg berýärler. Aslynda, bahar diýlende, ilki bilen gelin-gyzlar ýada düşýär. Çünki olar ýazlar ýaly owadan we ýakymly. Şahyryň: «Bäs edişiň gyzlar bilen ýazlarym» diýşi ýaly, gyzlar ýazlar bilen hem, bir-biregi bilen hem bäsleşýärler. Ýöne netijede kimiň ýeňijidigine garamazdan, olaryň her biri-de özboluşly gözellige we ukyba eýedir.