Üns merkezinde — daşky gurşawyň abadançylygy

28 Fewral 2024
1706

Düýn paýtagtymyzda «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurak hem-de şorlaşan çäklerinde tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak» atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu çäre BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Ählumumy ekologiýa gaznasynyň sebitleýin taslamasynyň çäklerinde guralýar. Ol Türkmenistanyň Tokaý kodeksine düzedişleri girizmek boýunça milli maslahatyň maksatnamasyny öz içine alýar.

Maslahata gatnaşyjylar tokaý zolaklaryny peýdalanmagyň ugurlaryny we onuň durnukly usullaryny işläp taýýarlamak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan köptaraply işler bilen tanyşdyryldy. Şunda bu ugurda anyk wezipeleri kesgitlemek, täzeçil usullary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.