Yhlas badasy we ylham badalgasy

26 Fewral 2024
702

Ata Watanymyzy günsaýyn ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň kämil bilim almagy, watanperwer ruhda terbiýelenmegi üçin bu günki günde zerur bolan mümkinçilikleriň ählisi döredilýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda dowamly geçirilýän döredijilik, zehin we ders bäsleşikleri, halypa-şägirtlik ýoluny pugtalandyrýan telegepleşikler, guralýan sport ýaryşlary, teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary kämillik ýolunda alnyp barylýan aýgytly ädimleriň aýdyň netijeleridir.

Geçen ýylyň başlarynda Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözlerinden, bagtyýar geljegiň eýeleri bolan döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalaryndan ugur alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda yglan eden «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilipdi.

Aýjahan ANNABAÝEWA,
«Dünýä edebiýaty»