«Müň düýp bag, bir ýap suw»

21 Fewral 2024
987

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we beýleki edaralara 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ýadyňyzda bolsa, geçen güýzki bag ekmek dabarasynda 472 müň 71 düýp bag ekilip, 1 million 868 müň 935 düýp baga ideg edilipdi. Gün-günden gülläp ösýän, bag-bakjalyk ýurda öwrülýän Diýarymyzda şeýle ajaýyp dabaralar asylly däbe öwrüldi.

Türkmen dessanlarynda, dürli rowaýatlardyr beýleki taryhy çeşmelerimizde ýurduň parasatly hökümdarlarynyň bagy-bossanlyga uly ähmiýet berip, olaryň owadan baglarynyň bolandygy, ol baglarda bagbanlaryň dürli gülleri, miweli agaçlary ösdürip ýetişdirendikleri barada maglumat berilýär. Taryhda türkmen döwletleriniň hökümdarlary, soltanlary bagbançylygy ylmy esasda ösdürmegi we dowam etdirmegi ýola goýupdyrlar. Hatda käbir seýilbaglarda heniz dünýäde ýok, ýeke-täk gülüň ösdürilip ýetişdirilişi, ol gülüň tohumynyň ýitip ýok bolup gitmezligi üçin sakçy goýluşy hakynda hem rowaýatlar galypdyr. Gadymdan gelýän mukaddes däplerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze basgançaga aýak basdy. Häzir hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamynda, şeýle-de tebigaty goramak meselesinde hem dünýä derejesinde ykrar edilýän üstünlikler gazanylýar.

Oguljahan SOPYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.