Bagtyýar zenanlaryň bäsleşigi

21 Fewral 2024
1184

Şu gün — 21-nji fewralda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň  hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden   «Ýaşlar  — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby esasynda ýurdumyzda eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar zenanlaryň arasynda yglan eden «Ýaş türkmen zenanlary — Berkarar döwletiň mertebe tugy» atly   bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Onda bäsleşigiň Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan bagtyýar zenanlar özara bäsleşdiler.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň-gözýetimli bolup, milli ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenmelidigini aýratyn belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň  «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda türkmen ýaşlarynyň  üstünlikli menzilleri, zenanlaryň maşgalada eýeleýän orny, milli däp-dessurlarymyz, ene-mamalarymyzyň çeper el hünäri giň  beýanyny tapýar.

«Zenan kalby».