Üns beriň, bäsleşik!

19 Fewral 2024
585

«RUHY DÜNÝÄMIZIŇ SÖNMEZ ÇYRAGY,
ÝÜREKLEŇ BUÝSANJY DANA PYRAGY»

atly şygar bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, «Türkmennebit» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, bütin adamzadyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga goşan goşandy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ruhy baýlygyny has-da kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik işleri barada ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgularyň, hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär.