“Deňiz söwda floty” ÝGPJ tarapyndan ähli gyzyklanýan taraplara daşary ýurt gämileri bunkerleme hyzmatyny hödürleýär

15 Fewral 2024
556

“Deňiz söwda floty” ÝGPJ-i Türkmenbaşy Halkara Deňiz portuna girýän daşary ýurt gämilerini dizel ýangyjy bilen bunkerleme hyzmatyny amala aşyrýar.  

Gämi ýangyjy bilen bunkerlemek hyzmatyny Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunyň gämi duralgalarynda “Serpaý” tirkeg gämisi ýerine ýetirýär. Bu bolsa bunkerlemeden soň bellenen ugra tarap hereketi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.