Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI

14 Fewral 2024
441

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby--deňiz mekdebine okuwa kabul etmek Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.

2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby-terbiýeçilik sapaklary gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmagy, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

Kabul ediş topary.