Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde «Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy» maksatnamasynyň 2024-nji ýyldaky tapgyrynyň «Umumy ykdysady hyzmatdaşlyk» toparyna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär

13 Fewral 2024
515

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2024-nji ýylyň 26-njy martyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2024-nji ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 2 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.