Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde «Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy» maksatnamasynyň 2024-nji ýyl tapgyrynyň çäklerinde «Akylly» oba hojalygy we azyk senagaty», «Ýaşyl ykdysadyýet», «Saglygy goraýyş ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlyk» halkara toparlaryna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär

13 Fewral 2024
426

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2024-nji ýylyň 26-njy martyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2024-nji ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 2 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.