Üns beriň, bäsleşik!

12 Fewral 2024
496

«NEBIT-GAZ — BAÝLYGYM, HAZYNA-GENJIM,
WASPYŇ ETSIN DILLER, SAŇA BUÝSANJYM!»

atly şygar bilen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli, «Türkmengaz» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti ýurdumyzyň nebitgaz senagaty toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda bu pudakda alnyp barylýan işler, önümçiligiň öňdebaryjylary hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgularyň, hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär.