«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kuala Lumpur şäherine uçuşyň biletine arzanlaşyk yglan edýär

31 Ýanwar 2024
855

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpur şäherine amala aşyrýan ýolagçy gatnawyna arzanlaşyk yglan edýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 15-den mart aýynyň 30-na çenli ýerine ýetiriljek Aşgabat - Kuala Lumpur - Aşgabat  ugry boýunça awiabiletlere arzanladyş yglan edilýär» diýlip, habarda bellenilýär.