Bulary bilmek gyzykly

23 Ýanwar 2024
958

Eýfel diňi

Megerem, Fransiýa ýa-da Pariž diýlende, ähliň akylyna Eýfel diňi gelýär. Çünki Eýfel diňi bu ýurduň hem-de onuň paýtagtynyň esasy gözel desgalarynyň biri bolup, ol Parižiň nyşany hasaplanýar. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Pariž şäheriniň ýerli dolandyryş häkimiýeti tarapyndan binagärleriň arasynda ýurduň beýikligini, şan-şöhratyny alamatlandyrjak desganyň taslama bäsleşigini yglan etdi. Ýeňijiniň taslamasy 1889-njy ýylda Parižde bütindünýä sergisiniň geçiriljek wagtyna gurulmalydy. Şeýlelikde taslama bäsleşigine 100-den gowrak dalaşgär gatnaşdy. Işler seljerilensoň, bäsleşigiň ýeňijisi Gýustaw Eýfeliň binagärçilik şereketi boldy. Onuň şereketi 1887-nji ýylda taslamanyň gurluşyk işlerine başlaýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Nurberdi HOJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.