«TMCARFAX» onlaýn hyzmaty awtoulagy satyn almazdan öň VIN kody boýunça barlamagy hödürleýär

29 Dekabr 2023
537

Häzirki döwürde sürlüp ýörülen awtoulagy satyn almak töwekgelçiliklidir. Käbir satyjylaryň alyjydan awtoulagyň awariýa bolandygy, geçen ýoly barada, şeýle-de ulagyň howpsuzlygyna we hiline täsir edýän beýleki ýagdaýlaryny gizleýän wagtlary az däl. Şeýle ýagdaýlardan seresap bolmak we zerur maglumatlaryň ählisini bir ýerden alyp wagt tygşytlamak üçin awtoulagy satyn almazdan öňinçä «TMCARFAX» onlaýn hyzmaty arkaly ulagyň VIN kodundan peýdalanyp onuň taryhyny barlamak maslahat berilýär.

«TMCARFAX» ulanylan ulaglaryň bazaryndan ygtybarly söwda mümkinçiligini gözleýän türkmenistanly potensial alyjylara awtoulag barada jikme-jik maglumatlary ýetirýär. Hasabatlar «Carfax», «Autocheck», «IAAI», «Copart» hem-de «Manheim» maglumatlaryny öz içine alýar, şeýle-de ätiýaçlandyryş kompaniýalary, awtoulag hyzmatlary merkezleri hem-de beýleki çeşmeler ýaly dürli guramalaryň maglumatlarynyň esasynda düzülýär. Web sahypadan açyk Internet torunda köpçülikleýin ýaýradylmadyk suratlary özünde jemleýän foto hasabatlary hem alyp bilersiňiz.