«Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

9 Dekabr 2023
908

           Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözlerinden, bagtyýar geljegiň eýeleri bolan döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalaryndan ugur alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň  Parahatçylyk  Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň  Bilim ministrliginiň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda yglan eden «Köňülleri  birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bu bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlarymyzy  watançylyk  ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, kämilleşdirýän terjimeçilik sungatyny ösdürmekden, terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýetişdirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda edebi terjimeçilik işi boýunça ikinji gezek geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan, zähmet çekýän dürli kärdäki ýaşlarymyz gatnaşdy. Bäsleşigiň şertine laýyklykda ýaş terjimeçi dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgularyndan bir parçany (4-5 sahypadan az bolmadyk möçberde) türkmen diline terjime etmeli.

          Redaksiýamyza gelip gowşan ýüzlerçe eseriň arasyndan ähmiýetliligi hem-de akgynlylygy bilen tapawutlanýan ýigrimi bäş sany eser saýlanyp alyndy. 1 Baş baýrak, 3 sany birinji orun, 4 sany ikinji orun, 5 sany üçünji orun we 12 sany höweslendiriji baýrak göz öňünde tutuldy. Höweslendiriji baýraklara mynasyp bolanlar bilen 3-nji orny eýelän ýaşlaryň terjimeçilik işleriniň arasyndaky birje tapawut, sahypa sanlarynyň möçberine görä kesgitlenildi, ýogsam bularyň ählisi-de baýrakly orunlara mynasyp eserler hökmünde saýlanylypdy. 2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde terjimeçilik, döredijilik bäsleşiginde üstünlik gazanan ýaşlara gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olara döredijiligiň jadyly dünýäsinde uly üstünlikler, rowaçlyklar we ähli babatdaky şowlulyklar arzuw edildi.