Halkymyzyň bereketli saçagynda

12 Dekabr 2023
1093

Halkymyzyň bereketli saçaklary dürli naz-nygmatlara baýdyr. Gyş paslydygyna garamazdan, ter miwelerdir gök önümler saçaklara bezeg goşýar. Şu günlerde baýramçylyk söwdasy barha gyzyşýan ak bazarlarda, dükanlarda ter miwelerdir gök-bakja ekinleri bilen birlikde, täze tehnologiýalarda gaýtadan işlenilen et we süýt önümleriniň, çörek, süýji-köke önümleriniň hem dürli görnüşleri bar.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň hem bu ugurda öwgä mynasyp iş alyp barýandyklary guwandyrýar. Ahal welaýatynyň hususy önüm öndürijilerinden «Parasatly», «Ezber daýhan», «Miweli oba» daýhan hojalyklary, «Dana gurluşyk» hususy kärhanasy, «Lezzetli miwe», «Ýigit» hojalyk jemgyýetleri açyk meýdanlarda we döwrebap ýyladyşhanalarda miweli baglary, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirseler, «Sahabatly», «Ajaýyp ussat — halal önümler», «Diýar guşy» hojalyk jemgyýetleri et we süýt önümlerini, guş etini, «Bagdan», «Duýgy» hususy kärhanalary süýji-köke, konditer önümlerini, «Ak ýaprak» hojalyk jemgyýeti dürli miwe şirelerini we sowuk çaýlary öndürip, halkymyzyň mukaddes saçaklarynyň berekedine bereket goşýarlar. Zamanabap kärhanalarda ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, halkymyzyň arasynda giňden tanalýan telekeçiler ýurdumyzda toýlanýan baýramlara hemişe mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar.

Agamerdan ORAZDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.