«Akaryň» täze önümleri satuwa çykýar

3 Dekabr 2023
1032

Mundan 20 — 30 ýyl ozal toý saçaklarynda miwe içgileriniň barmak büküp sanaýmaly görnüşleri bolardy. Häzir bolsa şerbetleriň, gazlandyrylan miwe suwlarynyň ýüzlerçe görnüşi bar. Ýurdumyzdaky bu haryt köpdürliliginiň, bolçulygynyň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kiçi we orta telekeçiligi goldamagy, ýaş telekeçileri höweslendirmegi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde olaryň mümkinçilikleriniň doly möçberde ulanylmagy üçin amatly maliýe, maýa goýum, maddy-tehniki we beýleki şertleriň döredilmegi esas bolup durýar.

Ýurdumyzda miwe suwlaryny, gazlandyrylan alkogolsyz içgileri öndürýän kärhanalardyr sehleriň hersi öz öndürýän önümleriniň tagamy bilen tapawutlanýar. Biz telekeçi Muhammetnazar Baýlyýewiň esaslandyran «Akar» alkogolsyz içgileri öndürýän sehiniň aýratyn taraplary barada sizi ýakyndan tanyşdyrmagy makul bildik.