«Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşigine

22 Noýabr 2023
954

Alajalar hakda.

Alajalar barada herne süýji söhbetler etseň, olaryň ähmiýeti barha artmak bilen bolýar. Alajalar barada garry enem köp gürrüň bererdi. Ol alajalary el işiniň naýbaşylarynyň biri hasaplardy. Enem bir gün alaja barada bir gyzykly rowaýat gürrüň berdi: «Bir ulugyzyň aşa owadan gözelligi hemmäniň ünsüni özüne çeker eken. Ahyram ol bir derde ulaşyp, agyr syrkawlapdyr. Tebipdir bilermenler oňa göz degendir diýen çaklama gelip, öz gelen netijelerini dogry hasaplapdyrlar. Gyzyň ady Aýsuluw eken. Aýsuluw gün geçdigiçe horlanyp, tapdan düşüp barýamyş. Gyzyň ejesi Uzuk daýza oňa bilen emlerini edip, üzärlik tütedip, tebibe görkezenden soň, Aýsuluw özüne gelip başlapdyr. Uzuk eje gyzyna aşa nepis we owadan edip alaja örenmiş. Aýsuluw ol alajany dakynyp, birdenkä sagalyp başlanmyş. Şonda Uzuk eje alajanyň gudratyna haýran galanmyş. Ol begenjinden ýaňa mydama diýen ýaly:

Jeren BÄŞIMOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.