TÜRKMENISTANYŇ SERHET INSTITUTYNA 2024 — 2025-nji OKUW ÝYLY ÜÇIN OKUWA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

15 Noýabr 2023
569

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.

2. Türkmenistanyň Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 ýyl. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haklary we umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Serhet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 175-nji jaýy, tel.: 40-49-60, 40-49-61, 40-49-26.