Saýgak

8 Noýabr 2023
1985

Dünýäniň dürli ýerlerinde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda gabat gelýän saýgak tebigatyň ýyndam jandarlarynyň biridir. Ol sagatda segsen kilometr tizlikde ylgap bilýär. Şonda saýgak 10 kilometr aralygy ýadamazdan geçmegi başarýar.

Bu haýwanyň agramy otuz kilograma çenli bolup, erkegi biraz ulurakdyr. Ol pasyllara görä öz tüýüni, reňkini özgerdýär. Ýagny saýgagyň tomsuna sarymtyl-mele, inçe, gyşyna sarymtyl ak, ýogyn tüýleri bolýar. Onuň düýäniňkä çalymdaş uly gözleri, ujy tegelenip duran gulaklary bar. Saýgagyň diňe erkeginde şah bolup, ol mum reňklidir we tegelek, ýogyn halkalardan düzülendir.