Türkmenistanyň serhet institutyna 2024/2025-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň tertibi

8 Noýabr 2023
602

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlandygyny habar berýäris.

2. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haklary we umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.